Guýular

Syýahatçylyk
28.05.2025
154

Guýular

Halkymyzyň durmuşynda asyrlarboýy möhüm ähmiýete eýe bolup gelen guýular takyrlaryň gyra çetinde, şeýle hem gum depeleriniň arasynda gazylypdyr. Takyrlaryň gyra çetinde gazylan guýulara «çyrla guýy» diýipdirler. Guýularyň hemmesiniň suwy deň bolmandyr. Käbirleriniň suwy talh, käbirleriniňki kekre ýaly ajy bolupdyr. Ussalar guýy gazanlarynda hemişe ýerli serişdelerden peýdalanypdyrlar. Guýy üçin sözen, selin, gandym ýaly agaçlar gerek bolupdyr. Gandymy çöwlük üçin ulanypdyrlar. Ol çüýremän, zaýalanman ýüzlerçe ýyl durmaga ukyply bolupdyr. Guýa örmek üçin syrdam, berdaşly sözen agaçlaryny saýlap alypdyrlar. Şeýle guýulara «örme guýular» diýlipdir. Häzirki döwürde örme guýularyň deregine diwarlary sement bilen suwalan guýularyň dörändiginem bellemek gerek. Çöwlük guýynyň ululygyna baglylykda 6-12 örümden ybarat bolup, arkasyna gandym berkidip ýasapdyrlar. Gandymy örüme selinden edilen ýüp bilen berk çekdirip daňypdyrlar. Selinden edilen ýüpe «porruh» diýipdirler. Çöwlük guýynyň düýbünde ýerleşýär. Sözenden bir örüm edipdirler, örümiň her gapdalyna hem «bir ýalkym» diýlipdir. Öňki döwürde guýudan suw çykarmak üçin gowalardan peýdalanypdyrlar. Häzirki döwürde gowanyň ýerine bedre ulanylýar. Gowa deriden edilip, gowanyň agzyna atanak şekilde berkidilen agaja «aýyn» diýlipdir. Guýynyň agzyna laýyklap, utun ýerleşdiripdirler. Utun iki sany göni syrdam agaçdan ybarat bolup, oňa-da çarh oturdypdyrlar. Çarhy utuna berkidýän oklaw ýaly göni enjama «basran» diýlipdir. Gowany guýudan çykarmak üçin peýdalanýan ýüpe «urgan» diýlipdir. Urganyň bir ujy aýyna berkidilipdir. Öňki döwürde demriň gyt bolandygy sebäpli guýynyň çarhdyr basranyna çenli agaçdan ediler eken.