Ykdysadyýet
03.01.2026
30
Guýularyň önüm berşini artdyrmak ugrunda
Balkan welaýatynda senagat taýdan ýokary depginlerde özleşdirilýän tebigy ojaklardaky önüm bermesini kesen ýa-da kemelden guýularda zerur bolan abatlaýyş işlerini alyp barýan «Goturdepe» guýulary düýpli abatlaýyş müdirligi-niň hünärmenleri görelde alarlyk zähmet netijelerini gazanýarlar. Olar ýylyň geçen döwründe şeýle guýularyň 227-sinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdiler. Şonça guýularyň 192-sinden bolsa gaýtadan önüm almak işleri ýola goýlup, munuň özi göz öňünde tutulandakydan 19 guýy köpdür. Şeýlelikde, gaýtadan ulanyş hataryna goşulan guýulardan goşmaça alnan «gara altynyň» umumy möçberi bolsa 100 müň tonnadan geçdi.