Gyjak — onuň hemrasy
Il içinde öz kesbi bilen tanalýan dutar ussatlarynyň biri Baýgeldi Mämmedowdyr. Ýetmiş üç ýaşy arka atan bu ussa Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda ýaşaýar. Ol dutar ýasamaklyga 1977-nji ýylda başlaýar we belli ussa Aman Nurgeldiýewe şägirt bolup, bu inçe senedi ele alýar.
B. Mämmedow çagalykdan gyjak saz guralyna höwrügýär. Şol höwes hem ony häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gyjak bölümine alyp gelýär. Ol 1969-njy ýylda okuwyny tamamlap, tä 2019-njy ýyla çenli Gyzylarbat etrabynyň çagalar sazçylyk mekdebinde gyjak ugrundan sapak berýär.
— Men gyjagy Begmyrat Gutlymyradowdan öwrendim. Biz oňa: «Ata mugallym» diýip ýüzlenerdik. Ata mugallymdan başga-da gyjak çalýan köp ussatlary diňläp, öwüt-ündewlerini aldym. Şolardan il içinde Döwjan gyjakçy ady bilen tanalan Döwletmyrat Berdiýewi aýratyn ýatlasym gelýär. Ol gyjagy ezber saýratmagyň ussadydy — diýip, Baýgeldi Mämmedow buýsanç bilen aýtdy.
Ömrüniň ýarym asyrdan gowragyny gyjaga bagyş eden halypa ençeme şägirtleri ýetişdirdi. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, ogullary Azat hem Mekan Mämmedowlar bilen birlikde, Amanmyrat Orazgulyýew, Annageldi Annaorazow ýaly gyjaga ömrüni baglan şägirtleri bar.
Baýgeldi aga ýokary hünär ussatlygy bilen, täze ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam etdi. 1995-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi Hojaguly Gaýlyýewe halypalyk etdi. B. Mämmedow meşhur bagşylar Nurberdi Gulow, Saryhan Sapaýew, Oraznepes Döwletnazarow, Aman Gowşudow, Aşyr Gurbanow bilen ýakyndan aragatnaşykda bolupdyr. Bu bolsa onuň sungat kämilliginiň basgançaklaryny ussat halypalar bilen geçendiginiň anyk mysalydyr.