Gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň birinjiligi

Sport
25.01.2024
282

Gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň birinjiligi

Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi.

Diýarymyzyň dürli künjeginden zehinli türgenleriň gatnaşan birinjiliginde 17 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew, gyzlaryň arasynda Balkan welaýatyndan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda balkanly türgenlere taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow, gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow hem-de Ýelizaweta Wodopýanowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdylar.

Dört günläp dowam eden birinjilikde 20 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçen ýaryşam gyzykly häsiýete eýe bolup, oňa ýaşy 17-den uly bolmadyk türgenleriň gatnaşmaklaryna hem rugsat edildi. Şpaga boýunça geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabat şäherinden Şageldi Haýydow, gyzlaryň arasynda Balkan welaýatyndan Darýa Şewçenko birinji orunlara mynasyp boldular. Balkanly türgenler Dawut Mämmetnurow bilen Çynar Goşungeldiýewa rapira boýunça geçirilen ýaryşda altyn medallara eýe boldylar.

Gylyçlaşmak boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleri arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde toparlaýyn birinji orna medallaryň iň köpüsini gazanan Balkan welaýatynyň türgenleri mynasyp boldular. Ikinji orun Mary welaýatynyň, üçünji orun Aşgabat şäheriniň toparlarynyň paýyna düşdi.