Gymmatlyklaryň jemlenen ýeri

Syýahatçylyk
08.02.2024
241

Gymmatlyklaryň jemlenen ýeri

Medeni mirasymyzy gorap saklamakda, taryhy tapyndylarymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň welaýatlarynda, etrapdyr şäherlerinde hereket edýän muzeýleriň orny uludyr. Şeýle muzeýleriň biri hem Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir.

Muzeýiň sergi zaly bäş bölümden ybarat bolup, olar Garaşsyzlyk, gadymyýet, 1941 - 1945-nji ýyllaryň urşy, etnografiýa, tebigat bölümleridir. Garaşsyzlyk bölüminde türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän gymmatlyklar goýlan. Gadymyýet bölüminde 22-den gowrak taryhy ýadygärliklerimiz barada maglumatlar, olardan tapylan taryhy gymmatlyklar we tapyndylar ýerleşdirilen. Mundan başga-da ir döwürlerden bäri hereket edip gelýän wagon abatlaýyş zawodynyň taryhy öz beýanyny tapýar. 1941 - 1945-nji ýyllaryň urşy bölümini Gahryman adyna mynasyp bolanlaryň, urşa gatnaşan gerçekleriň, uruşdan sag-aman dolanyp gelen weteranlaryň suratlary, olara döwlet tarapyndan berlen ordendir medallar bezeýär. Şeýle-de şol döwürde frontdan iberilen üçburç hatlar muzeýe gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Etnografiýa bölüminde küýzeleriň bölekleri, türkmenleriň gadymy döwürde söweş enjamlary bolan gylyçlaryň, jöwher pyçaklaryň, hojalyk pyçaklarynyň, hyrly tüpeňiň görnüşleri, türkmeniň ak öýleriniň içinde gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen dokan çuwal, aşyk torba, gapylyk we beýleki el işleri bar. Türkmen degirmeni, sokudaşy, elekleriň, repideleriň, ýeňlikleriň görnüşleri, düýäniň boýnuna we dyzyna dakylýan dürli jaňlar, düýebaşlyklar, düýedyzlyklar gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Daýhançylyga degişli gurallaryň, türkmen gelin-gyzlarynyň dakynýan şaý-sepleriniň dürli görnüşleriniň ýerleşdirilmegi bu bölümiň täsirliligini artdyrýar.