Gyr aýragy

Syýahatçylyk
01.06.2024
136

Gyr aýragy

Gyr aýragy daglaryň kert ýerlerinde, iri daşly ýapgytlarda hereket etmegi başarýarlar. Käbir haýwanlaryň baryp bilmeýän kert ýerlerindäki ot-çöpli ýerlere baryp bilýärler. Kert dag çeşmelerinden suw içýärler. Tomusda yssy wagtynda dag gaýalary saýa bolýar. Süri-süri bolup gezmegi halaýan aýraklar çalasyn we ýüwrük haýwan bolup, ys alyjylygy we eşidiş ukyby ýokarydyr. 45-50 santimetre barabar aýlaw-aýlaw şahlary olary has owadan görkezýär. Aýraklar aprel aýynda köpelip başlaýarlar. Köplenç ekiz guzlaýarlar. Olar welaýatymyzda Günorta-Günbatar Köpetdagda duş gelýär. Aýraklar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilip, döwlet tarapyndan aýratyn gorag astyna alnandyr.