Gyzykly bäsleşik
Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň «Ýaňlan, owazym!» ady bilen geçiren bäsleşigine welaýatdaky çagalar sungat mekdeplerinde okaýan okuwçylar gatnaşdylar. Onda zehinli çagalar tälim alýan ugurlaryna laýyklykda, türkmen halk hem-de mukamçy kompozitorlaryň aýdymlaryny, sazlaryny ýerine ýetirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, bagşyçylyk hünäri boýunça Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Söýün Orazdurdyýew birinji, Etrek etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Akmyrat Aýjanow ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Gültäç Muhammedowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň dutar hünäri boýunça Serdar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy GoçmyratAllamyradow, welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Aşyrgül Mirkuliýewa, Serdar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Resul Garlyýew degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelemegi başardylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.