Gyzykly futbol ýaryşy dowam edýär

Sport
29.06.2024
511

Gyzykly futbol ýaryşy dowam edýär

Futbol Balkan welaýatynda sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri. Şonuň üçinem dürli ýaşdaky türgenleriň arasynda etrap-şäherlerde, esasan hem, Balkanabat şäherinde futbol ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şu günler “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň futbol meýdançasynda gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýän welaýatyň birinjiligi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Balkan welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen Balkan welaýat futbol federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilýän ýaryşa 2009-2010-njy ýyllarda doglan futbolçylardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşýar. Etrap-şäherlerden jemlenen bu toparlaryň arasynda geçirilýän oýunlaryň netijesi boýunça ýeňiji bolan topar şu ýaşdaky futbolçylaryň gatnaşmaklarynda guraljak ýurdumyzyň birinjiligine wekilçilik etmäge hukuk gazanar. 

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde