Gyzykly geçen döredijilik bäsleşigi
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaş nesilleriň wagtlaryny täsirli, gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen ýakynda bu merkezde «Oguz hanyň, Gorkut ataň nesli biz, mert pederden gaýdýar biziň aslymyz» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Täsirli hem-de gyzykly geçen bäsleşikde çagalar rus we iňlis dillerindäki goşgulary labyzly okamakda, aýdym aýtmakda we tans etmekde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere, şeýle hem bäsleşige gatnaşan çagalaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.