
Halkymyzyň saglygy-ýurdumyzyň baýlygy
Nurana geljegimiz we ilatyň jan saglygy ugrunda edilýän tagallalar biziň döwletimiziň öňde goýan esasy maksadynyň biridir. “Akyldan gymmatly baýlyk ýok, saglykdan gymmatly zat ýok” diýen ata-babalarymyzyň dürdäne setirlerinden ugur alnyp, döwletimizde ilatyň saglygyny gorap saklamak boýunça dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berilýän hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriň, şypahanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň köpelmegi Garaşsyz döwletimizi sagdynlygyň we ruhubeletligiň ýurduna öwürýär.
Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti ulydyr. Maksatnamanyň çäginde dünýä ylymynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen-milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr. Biziň döwletimizde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek işi doly amala aşyryldy. Aýratynda enelerde we çagalarda duş gelýän keselleriň, şeýle-de ýokanç keselleriň düýpgöter kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilatymyzy ýerli ösümliklerden we çig mallardan özümizde öndürilýän dermanler hem-de saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmekde netijeli işler amala aşyryldy. Munuň netijesinde keselçiligiň düýpli peselmegine, ýokanç keselleriň ýok edilmegine ýardam berdi.
Kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde hem Garaşsyzlyk ýylarynda saglygy goraýyş maksatly binalaryň hem birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi we gurulmagy dowam edýär. Türkmenbaşy şäherinde ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp gurulýan 400 orunlyk köpugurly hem-de 100 orunlyk ýokanç keseller hasahanalary ýakyn günlerde açylyp, ulanylmaga berler. “Ussat-Inžener” hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan umumy meýdany 47 müň 890 m2 bolan we jemi 7 gatdan ybarat 400 orunlyk köpugurly hassahana hem-de “Çeper Gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan, umumy meýdany 4 müň 85 m2, 3 gatdan ybarat 100 orunlyk ýokanç kesseller hasssahanalary ezber elli türkmen gurluşykçylary tarapyndan dünýä tejribesine laýyk gelýän ýokary hilde gurulýar. Gurluşykda ýerli we daşary ýurtlardan getirilýän çig mallar ulanylýar. Köpugurly hassahanayň deňziň kenarynda ýerleşmegi arassa deňiz howasynyň täsirinde näsagyň saglygyny çalt dikelmegine oňaýly täsirini ýetirer. Bu hassahanalarda Germaniýa, Ýaponiýa, Italiýa, Türkiýe ýaly döwletlerde öndürilen ýokary hilli lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylýar. Muňa mysal hökmünde köpugurly hassahanada stomatolog lukmanlary üçin “SIRONA SINUS”, “SIRONA ORTHOPHOS SL 2D CЕРН”, iç keseller lukmanlarynyň işlemegi üçin “ENRAF NONIUS Endromed 684V”, “УВЧ ENRAF NONIUS Сuraplus 970”, Oftalmolog lukmany üçin “BONOPITIС SL-75”, “KOWAAP-7000 BONOPTIС-3226201”, “KAPS SOM 62 Ophthalmiс ADVANCED”, laborant lukmany üçin “SIEMENS Seguoia”, USB lukmany üçin “SIEMENS SOMATOM go.All”, “SIEMENS MAGNETOM Semhra”, inçekesel lukmany üçin “MMM Seleсtomat SL 669-2”, “MMM Formomat PL 349-2”, çaga lukmany üçin “OLYMPUS GIF-HQ 190” we ş.m. lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylar. Şeýle-de, ýokanç keseller hassahanasynda ýokanç kesel lukmany üçin “SOMATOM go.Now SIEMENS Helthinees”, bagryň fibrozyny neinwaziw bahalandyrmak üçin “FibroSсan FS 630 Exspert Echosense”, ganyň arassalygyny barlaýjy awtomatik enjam “Bact/Alert 3D 120 Biomerieux Inc”, awtomatlaşdyrylan biohimiki analizatory “Selectra Pro MELITeсh HOLDING B.V.” anyklaýyş stasionar rentgen toplumy, terepawet lukmany üçin “Cardiovit AT-102 Schiller AG”, çaga hirurg lukmany üçin Gastroskop ulular üçin “EC-530WR Fujifilm Corporation”, Gastroskop çagalar üçin “EC-580NW2 Fujifilm Corporation” we başga enjamlary görkezmek bolar.
Türkmenbaşy şäherinde täze gurlup ulanylmaga beriljek hassahanalar saglygy goraýyş babatda edilýän hyzmatlaryň sanynyň artmagyna, hiliniň döwrebaplaşmagyna, halkymyzyň saglygyny mundan beýläkde berkitmäge uly goşant goşar.