Halkyň isleg bildirýän önümleri

Ykdysadyýet
16.01.2025
48

Halkyň isleg bildirýän önümleri

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Magtymguly etrabyndaky  tikin we aýakgap döwlet kärhanasynda hem işler barha ilerleýär. Ýokary önümçilik görkezijilerine eýe bolýan bu kärhana, esasan, iki sany sehden ybarat bolup, olar tikin we aýakgap önümçiliklerini özünde jemleýärler. 330 adam zähmet çekýän kärhananyň tikin bölüminiň agramly bölegini tikin we tirkotaž önümleri tutup, olar ýörite sargytlar esasynda taýýarlanylýan ýorgan-düşeklerden, ýassykdaşylaryndan, güpbülerden, çaga eşiklerinden ybaratdyr. Öndürilýän bu önümleriň ýokary hilli bolmagy harytlara bolan islegleriň barha artmagyny üpjün edýär. Şeýle hem kärhanada telekeçileriň sargytlary esasynda ýörite geýimler hem tikilýär.

Aýakgap bölüminde çagalar we uly adamlar üçin köwüşler, sport aýakgaplary, işçiler üçin aýakgaplar, şypbyklar, dürli torbalar, gapjyklar. öndürilýär. Bu ýerdäki «Dokma söwda merkezinde» kärhanada öndürilen önümler bilen bir hatarda, ýurdumyzda hereket edýän beýleki dokma toplumlarynyň islegli önümleriniň satuwy hem ýola goýulandyr.

Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada 2024-nji ýyl ýokary görkezijiler bilen jemlendi. Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 16 million 171 müň manatlykdan gowrak tikin önümleri, 18 million 866 müň manatlykdan gowrak aýakgap önümleri öndürilip, kärhana boýunça ösüş depgini 213 göterim boldy. Kärhananyň işgärleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da ýokary sepgitleri eýelemekligi maksat edinýärler.