
Haly keserleri
Haly dokalanda her bir çitimden soň artyk ýüpi kesmek üçin ulanylýan gural keser diýlip atlandyrylýar. Gelin-gyzlarymyzyň has irki döwürlerde haly dokamak bilen bilen meşgullanandyklaryny gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan tapyndylar subut edýär. Halyçylyk türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Muny eneolit we bürünç eýýamlaryna şaýatlyk edýän bürünç keserler subut edýär. Günorta-Günbatar Türkmenistandan, Sumbar jülgesinden tapylan bürünç keserler biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllyga degişlidir. Olar belli arheolog I.N.Hlopiniň ýolbaşçylygynda XX asyryň 70-nji ýyllarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylýar. Alym bürünç keserleriň tapyndylarynyň häzirki döwre degişli keserlere örän meňzeşdigini, şeýle dokma keserleriniň ýiti bolup, ýüpi kynçylyksyz kesip, zenanlaryň halyny çalt dokamaklaryna mümkinçilik berendigini, miladydan öňki II müňýyllygyň soňky asyrlarynda türkmen zenanlarynyň halyçylyk senedinde kämil görnüşli haly keserlerinden peýdalanandyklaryny belläp geçýär. Häzirki döwürde haly keserleri has-da kämilleşdirilip, dürli görnüşli keserler ýasalýar.