Haly-palas önümler — ak öýleriň ýaraşygy

Medeniýet
16.08.2023
212

Haly-palas önümler — ak öýleriň ýaraşygy

Halkymyzyň durmuşynda taryhda altyganat ak öýler möhüm orun eýeläpdir. Türkmenler ak öýi tomusda yssydan, gyşda sowukdan gorar ýaly taýýarlamak bilen birlikde, onuň bezegine-de aýratyn üns beripdirler. Haly önümleri halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edipdir. Öýi bezemek üçin haly-palas önümlerini dokap, olary öýde dürli maksatlar üçin peýdalanypdyrlar. Eňsi, gapylyk, horjun, torba ýaly haly-palas önümleri öýe bezeg beripdir. Eňsi türkmeniň ak öýüniň gapysynyň haly tutusy bolup, öýe girmänkäň, nepisligi bilen özüne çekipdir. Ol çitimli dokalyp, dürli haly nagyşlar salnyp, aşak tarapy seçeklenýär. Gapylyk bolsa ak öýüň gapysynyň iç tarapyndan bezeg hökmünde asylýar. Çuwallar, torbalar, garçynlar, horjunlar geýim-gejim salmak, ýük daşamak üçin ulanylsa-da, ak öýüň täriminden ýüpler bilen asylyp goýlupdyr. Bulardan başga-da, «Gyzym sepsiz bolsa bolsun, öýüm ýüpsüz bolmasyn» diýen ene-mamalarymyz haly-palas ýaly ýüwürdilip, ak toprakdan başlanýan gülli ýüpleri dokapdyrlar. Olar gülli ýüplere nagyş salyp, nagyşlaryňam ýerbe-ýer bolmagyny, öýdümleriň biri-biri bilen sazlaşygyny gazanypdyrlar. Edil palas-kilimleriň dokalyşy ýaly, öýdümi, argajy ýerbe-ýer berlen gülli ýüpler ak öýleriň bilguşagy bolup, uzak ýyllaryň dowamynda keşbini üýtgetmän saklaýar.