Halyçylaryň zähmet üstünlikleri

Medeniýet
01.03.2025
159

Halyçylaryň zähmet üstünlikleri

 Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň öz işine ussat halyçylary ýokary hilli halylary dokap, olara döwrebap öwüşgin bermekde, gadymdan galan nusgalary dikeltmekde,  täze nagyşlary we gölleri döretmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli bolan döwrebap halyçylyk kärhanasynda türkmen milli halyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny ýaşlara öwretmekde hem uly aladalar edilýär. Etrapda halyçylyk sungaty bilen meşgullanýan gelin-gyzlaryň sany barha artýar. Kärhanada öz işine ussat halyçy gelin-gyzlaryň 150-si zähmet çekýär. Olaryň dokaýan nepis haly we haly-palas önümleri uly isleg bilen satyn alynýar.

Kärhanada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ilkinji aýynda dürli ölçegdäki halylaryň 261 inedördül metri dokalyp, meýilnama abraý bilen berjaý edildi. Taýýarlanan önümleriň pul hasabyndaky möçberi 531 müň manada deň boldy. Geçen ýylyn degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 131 göterim ýokarlandy.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet