Halyçylyk gurallary

Medeniýet
23.08.2023
644

Halyçylyk gurallary

Haly dokamak üçin demirçi ussalar tarapyndan ýasalan halyçylyk gurallary öz gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýar. Dokma daraklarynyň, keserleriniň, syndylarynyň uzak hyzmat etmegi üçin ussalar azap baryny siňdiripdirler. Halyçylar haly dokanlarynda darak, synny, keser, änewüç ýaly gurallary ulanypdyrlar. Sumbar we Parhaý sebitlerinde giçki bürünç asyryna degişli keserleriň tapylmagy onuň köküniň asyrlara uzaýandygyny subut edýär.

Dokma daraklary 5, 10, 12 we 14 dişli bolupdyr. Çitilen çitimler, öýdülen öýdümler syklyk, berklik üçin darak bilen kakylypdyr. Irki döwürden bäri ýasalan daraklar agaç darak, şelpeli darak, guýma darak, gülle darak hem diýlip atlandyrylypdyr.

Haly çitiminiň ösüntgi ýüpüni gyrkmak, halynyň ýüzüni tekizlemek üçin gaýça, gyrkylyga meňzeş uzyn demir gurala syndy diýilýär. Halynyň owadan, tekiz hem nepis çykmagy üçin onuň ähmiýeti uly bolupdyr. Haly dokmaçylygynda örän işjeň gural hasaplanylýan keser, adyndanam belli bolşy ýaly, haly dokalanda her bir çitimden soň artyp galýan ýüpi kesmek üçin ulanylypdyr. Onuň sapynyň uzynlygy 9-10 santimetr ölçegde oturdylypdyr.

Haly telkermez ýaly gyrasyna sanjylyp çekdirilýän, ujy gaňyrçakly, bir tarapy burlup halka edilen gurala änewüç diýilýär. Ol halynyň gyrasy içe girmezligi üçin ulanylypdyr.

Halk arasynda dokma gurallary bilen baglanyşykly aýtgylara duş gelmek bolýar. Haly dokap duran gelin-gyzlara: «Keseriň kesgir bolsun!» «Daragyň batly, sapagyň önümli, işiň rowaç bolsun!» diýilýär.