Halypa bagşyny hormatlap

Medeniýet
10.11.2025
16

Halypa bagşyny hormatlap

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi hem-de Balkan welaýat kitaphanasy bilelikde «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!» diýen at bilen Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdiler. Oňa medeniýet işgärleri, aýdym-saz mugallymlary, talyplar we bagşynyň dogan-garyndaşlary gatnaşdylar. Türkmen bagşyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde, geçmişde aýdym-saz äleminde yz galdyran şahsyýetlerimizi ýatlap, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekde, aýdym-saz sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ajaýyp zamanamyzda örän uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusyndaky buýsançly söhbetler duşuşygyň özenini düzdi. Ýaşan manyly ömrüni türkmeniň bagşyçylyk sungatyny ösdürmäge bagyşlan halypa bagşynyň milli aýdym-saz sungatynda  bitiren işleri barada gürrüň edildi, halypanyň ýoluny dowam etdirýän şägirtleriniň ýerine ýetirmeklerinde aýdymlar diňlenildi.

Täze habarlar