
Halypa mugallym, ussat bagban
Ömrüniň uzak ýyllaryny mugallymçylyga bagyş eden, şeýle hem ýaşlyk döwürlerinden bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp gelýän Nursähet Döwletsähedow öz hünäri, onda-da goşa hünäri bilen il arasynda abraý alan adamlaryň biri. Ol indi otuz üç ýyldan gowrak wagt bäri Magtymguly etrabyndaky 20-nji orta mekdepde fizika mugallymy bolup işläp gelýär. Mekdep okuwçylarynyň fizika dersi boýunça kämil bilim almagynda, olaryň ders bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny kemsiz görkezmeklerinde N.Döwletsähedowyň bitiren we bitirýän hyzmatlary az däldir. Ol okuwçylara bilim bermekden daşgary bagbançylyk bilen hem meşgullanyp, özüniň sap zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Halypa mugallymyň mellek ýerindäki alma, ülje, erik, beýi, nar, injir, şetdaly ýaly miweli baglar göreniň gözüni dokundyrýar.
«Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, mugallymçylyk hem-de daýhançylyk bilen meşgullanan kakamyň kärlerini özüme hemra edindim. Oglum Sähedem bu kärlerimizi dowam etdirýär. Çagalygymdan baglary ekmegi, olara ideg etmegi kakamdan öwrendim. Uzak ýyllaryň dowamynda edinen tejribämi bolsa indi ogluma öwredýärin.
Häzirki dowam edýän gyş paslynda miweli baglara organiki we mineral dökünleri dökmek, olary wagtly-wagtyna suwarmak, şahalaryny çyrpyp, timarlamak hem-de zyýanly mör-möjeklerden we kesellerden goramak ýaly agrotehniki çäreler geçirýäris. Bu döwürde baglarymyza edýän ideglerimiziň ýerine düşendigine miweli agaçlarymyz öz hasylyny bolluk bilen eçilende aýdyň göz ýetirýäris — halypa mugallym hem ussat bagban buýsanç bilen gürrüň berýär.