Halypa suratkeşiň şahsy sergisi

Fotoreportaž
10.04.2026
117

Halypa suratkeşiň şahsy sergisi

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, halypa suratkeş Amangeldi Hydyrowyň Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalyndaky şahsy sergisiniň açylyş dabarasy köp adamly boldy. Sergide suratkeşiň dürli temalarda döreden ençeme eserleri ýerleşdirilip, olarda tebigatyň gözellikleriniň, parahatçylygyň, abadan durmuşyň waspy ýetirilýär. 75 ýaşy arka atan halypa suratkeşiň nakgaşlyk eserleri biri-birinden çeperçiligi, reňk sazlaşygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Açylyş dabarasynda çykyş edenler şular dogrusynda bellemek bilen, halypa suratkeşe ýeneki ýyllarda hem işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Döredijiliginde tebigatyň gözelligine uly orun berýän Amangeldi aganyň eserlerinde daglaryň ajaýyp keşbi özboluşly suratlandyrylýar. Halypanyň döredijiligini açyp görkezýän sergide «Magtymgulynyň daga siňen keşbi» atly eseri köpleriň ünsüni özüne çekdi. Halypa suratkeşiň her bir eserinde türkmen tebigatynyň owadanlygy, her paslyň özüne mahsus gözelligi açylyp görkezilýär. Olaryň arasynda «Pyhy Tagan Sumbar jülgesinde», «Balkan jülgesi», «Asuda çöl», «Gözli ata. Gudratly ýerler», «Uzboý», «Obamyzda bahar pasly», «Gezelençde» diýen eserleri gözelligi, many-mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanýar. 

Täze habarlar