Halypa suratkeşiň talyplar bilen duşuşygy

Jemgyýet
05.05.2026
173

Halypa suratkeşiň talyplar bilen duşuşygy

Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» bölüminiň talyplarynyň halypa suratkeş, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Amangeldi Hydyrow bilen duşuşygy geçirilip, ol halypa-şägirtlik ýolunyň giň gerime eýe bolýandygyny nobatdaky gezek görkezdi. Duşuşykda A. Hydyrow özüniň döredijilik ýoluna gadam basyşy, halypalary, döreden eserleri barada talyplara gürrüň berdi. Muzeýde ýerleşdirilen eserleri, olaryň döremegine sebäp bolan wakalar baradaky söhbet talyplarda uly täsirleri galdyrdy. Döredijilik duşuşygynyň barşynda talyplar nakgaşçylyk sungaty barada özlerini gyzyklanýan sowallary berip, halypadan olaryň anyk jogaplaryny aldylar.

Täze habarlar