
Harmanyňyza bereket, edermen pagtaçylar!
Balkanly pagtaçylar şu ýylyň pagta ýygymyna taýýarlykly geldiler. Bular barada möwsümiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginde geçirilen maslahatda giňden durlup geçildi.
Jogapkärli möwsümiň başlanmagy mynasybetli Serdar etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň gowaçaly meýdanynda uludan tutulan «ak kerwen» dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Dabarada çykyş edenler daýhan durmuşynda jogapkärli möwsümiň başlanmagy bilen bu ýere gelenleri gutlap, daýhanlara, ýygymçylara üstünlikleri arzuw etdiler. Soňra ýaşulularyň «Bismillasy» bilen pagta ýygymyna badalga berildi. Ýygymçylar ýaşulularyň göreldesine eýerip, agzybirlik bilen «ak altynly» meýdanyň bereketli hasylyny isripsiz ýygnap almak üçin joşgunly zähmete girişdiler. Ýeri gelende aýtsak, welaýatymyzyň pagtaçylary şu ýyl hem ýetişdirilen «ak altynyň» agramly bölegini kombaýnlaryň güýji bilen ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi üçin ýörite hyzmat ediş toparlary iş üstünde bolarlar. Möwsüme gatnaşýanlara ediljek medeni we söwda hyzmatlary ýygymyň depginine oňyn täsirini ýetirer.
Dabaranyň geçýän ýerinde giň gerim berlen sergilerde ýerleşdirilen önümler sebitiň agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, hemmelerde buýsanç duýgularyny döretdi. Alty ganat ak öýleriň ýanynda ýaýbaňlandyrylan dürli çäreler, ümeçilik dessurlaryndan görkezilen parçalar, toý gazanlarynda milli tagamlaryň taýýarlanylmagy dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýygym möwsüminde öňde durýan möhüm wezipelere bagyşlanyp geçirilen usuly-amaly maslahatda pudagyň hünärmenleri ýygyma gatnaşjak tehnikalaryň iş düzgünleri, olary netijeli ulanmagyň kadalary barada aýratyn durup geçdiler. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň täze taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy, janypkeş daýhanyň zähmet üstünligini taryplap ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary, milli tanslary, sahna ussatlarynyň daýhan durmuşyny beýan edýän sahnalary, folklor toparlarynyň täsirli çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Şu ýylyň pagta hasylynyň ilkinji tonnalary ýüklenen «ak altyn» kerwenini garşylamak dabarasy Serdar şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanada özboluşly baýramçylyga beslendi. Bu ýerde şirin aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, gutlag çykyşlaryna orun berildi. Çykyşlarda ykdysadyýetimiziň oba hojalygynda ýetilýän belent sepgitler, daýhanlar barada döwlet derejesinde edilýän uly aladalar, pudakda amala aşyrylýan oýlanyşykly özgertmeler dogrusynda durlup geçildi. Ýaşuly nesliň wekilleri ýörite taýýarlanan meýdança düşürilen pagta hasylyndan ellerine alyp, ýüzlerine syldylar hem-de üstümizdäki ýylyň pagta hasylynyň bereketli bolmagyny dileg etdiler.