Harytlaryň bolçulygy göwünleri göterýär

Ýurduň çäginde
21.12.2022
230

Harytlaryň bolçulygy göwünleri göterýär

Täze ýyl iň şatlykly, şagalaňly baýramçylyklaryň biridir. Şu günler bu baýramçylyga taýýarlyk işleri her bir öý-ojagy gurşap aldy. Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak ýürekleri joşa getirip, ruhubelentlik döredýär.

Täze ýyl baýramynda toý desserhanyny dürli nygmatlar bilen bezemek halkymyzda asylly ýörelgedir. Adamlaryň Täze ýyly mynasyp garşylamaklary üçin welaýatymyzda hem zerur taýýarlyklaryň görlendigini söwda bazarlarydyr dükanlardaky haryt bolçulygy doly tassyklaýar.

Welaýatymyzyň merkezi Balkanabat şäherindäki bazarlardyr döwrebap söwda merkezlerinde ýola goýlan söwda hyzmatlary baýramçylyk ruhuňy belende göterýär. Söwda merkezleriniň dürli röwüşli yşyklar bilen şugla saçmaklary, dürli önümler ýerleşdirilen tekjeleriň baýramçylyk bezegi, harytlaryň elýeterliligi alyjylaryň göwünlerini galkyndyryp, olara egsilmez şatlyk paýlaýar.

Täze ýyl baýramçylygyna uly taýýarlyk görýän bagtyýar raýatlaryň ýokary isleglerinden peýdalanýan dürli azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň agramly böleginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda öndürilendigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Şeýle islegli harytlaryň öndürilmeginde türkmen işewürleriniň hyzmaty bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň ösdürip ýetişdiren dürli ter gök we bakja önümlerini, miwelerini alyjylar höwes bilen alýarlar. Döwrebap sowadyjylarda saklanylýan, şeýle-de ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän oba hojalyk önümleri baýramçylyk saçagynyň berekedini artdyrýar. Hususy ulgama degişli bolan maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlarynyň önümleri hem islegli önümleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Dürli ölçegdäki gaplara gaplanan, ýörite haryt nyşanly azyk önümleri alyjylaryň ýokary isleglerine eýe bolýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde