Hasabat-saýlaw konferensiýasy

Çäreler
22.05.2026
123

Hasabat-saýlaw konferensiýasy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň X hasabat-saýlaw konferensiýasy geçirildi. «Türkmennnebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen konferensiýa TDP-niň welaýat komitetiniň ýolbaşçylary we işgärleri, partiýanyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de  işjeň agzalary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen hasabat-saýlaw konferensiýasynda çykyş edenler, ilki bilen, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler hakynda gürrüň etdiler. Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň tertipnamasyna we maksatnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramanyň düzüminde bolup geçen üýtgeşmelere, iş meýilnamalarynyň wagtly-wagtynda ýerine ýetirilişine seljerme berildi. Şeýle hem hasabat-saýlaw konferensiýasynda gün tertibiniň meseleleri boýunça guramanyň müdiriýetiniň düzümini, derňew toparynyň başlygyny we onuň agzalaryny saýlamak meselelerine garaldy. Bu meseleler boýunça ses berildi we biragyzdan kararlar kabul edildi.

Täze habarlar