Hatyrasy belent halypalar

Jemgyýet
01.07.2026
135

Hatyrasy belent halypalar

Welaýatymyzda ýokary guramaçylykly dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde irden Gyzylarbat etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen «Hatyrasy belent halypalar» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşan halypa sungat ussatlarynyň ömri we döredijilik ýoly barada täsirli söhbet etdiler. Döredijilik duşuşygynda welaýatymyzda ýaşap geçen Baýram şahyr, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýew, Giçgeldi Amanow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramgeldi Aýjanow uly sarpa bilen ýatlanyldy. Öz halypalarynyň döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirýän şägirtleriniň bu sungat ussatlary barada beren gürrüňleri has-da gyzykly boldy. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Baýram şahyryň sözlerine döredilen, şeýle hem döwrümizi, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, tebigat gözelligini wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.