Haýran galdyrýan tebigy täsinlikler

Syýahatçylyk
17.02.2023
396

Haýran galdyrýan tebigy täsinlikler

Türkmenistanda täsin howa şertleriniň döremegine dünýäniň iň uly kölleriniň biri bolan Hazar deňziniň goşandy hem örän uludyr. Hazar deňzi tebigy gözellikleri, şol sanda läbik patlawuklary bilen hem köpleriň üns merkezindedir. Läbik patlawuklaryň ençemesi Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýär. Olaryň arasynda «Gaýnagdepe», «Akpatlawuk», «Çekişler», «Keýmir», «Ekerem», «Gökpatlawuk», «Bugdaýly», «Boýadag» patlawuklary häzirki döwürde hem işlemeklerini dowam etdirýärler.

Olaryň arasynda «Akpatlawugyň» has güýçli özgertmelere sezewar bolandygy anyklanylandyr. Oňa bu hatardaky patlawuklaryň iň ulusy diýmek bolar. Şekili babatda konusa çalymdaş, beýikligi 60 metrden gowrak, düýbüniň giňligi 3–4 kilometre baryp ýetýän «Akpatlawugyň» ilkibaşda 30 metre barabar beýiklikdäki üsti tekiz kiçi depesini görmek bolýar. Onuň günorta tarapyna ýapgytlygy 10 metre golaý aşak düşüp, günorta-günbatarda beýikligi 50–60 metre, uzynlygy bolsa 100 metre golaý depäniň etegi bilen birigýär.

«Akpatlawugyň» depesine çykanyňda, ol ýerde hem ep-esli özgertmeleriň bolup geçendigini görmek kyn däl. Ýokardan akýan läbigiň günüň dowamyndaky wagta görä reňkini üýtgedip durmagynyň özem juda täsin hadysadyr.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän iň uly patlawuklaryň bir hem «Gökpatlawukdyr». Ýylsaýyn ýuwaş-ýuwaşdan ýokary galýan bu täsin läbik patlawugynyň döreden konusa çalymdaş dagynyň esasy ýaýrawy bir ýarym kilometre baryp ýetýär. Ol Hazar deňziniň kenaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Täze habarlar