Hazar deňziniň suwotulary

Ýurduň çäginde
20.06.2026
151

Hazar deňziniň suwotulary

Hazar deňziniň ekoulgamy juda özboluşlydyr. Tebigy gözellikleriň mesgeni bolan bu deňizde Ýer ýüzünde iň gadymy ösümlik hasaplanýan suwotular möhüm orun tutýarlar. Onuň mawy giňişliklerinde suwotularyň dürli görnüşleri duş gelýär. Olar gurluşyna, reňkine we ýaşaýyş şertlerine görä birnäçe uly toparlara bölünýärler. Ýaşyl suwotular deňziň ýarym süýji-ýarym duzly suwuna gowy uýgunlaşan görnüşlerindendir. Olar deňziň ýüzleý gatlagynda, ýagtylygyň ýeterlik derejesinde ýaşaýarlar. Bu suwotular hlorofille baý bolany üçin ýaşyl reňkdedir. Olar suw ýüzünde köpelip, käte «ýaşyl suw» görnüşli gatlak emele getirýärler. Goňur suwotular has duzly we çuňrak suw gatlaklarynda duş gelýär. Reňki goňur, käte sarymtyl bolýar. Bu suwotular Hazar deňzinde azrak ýaýran-da bolsa, olar gözelligi we ýokary uglerod düzümli gurluşy bilen tapawutlanýar. Gyzyl suwotular deňziň has duzly, ýyly we ýagty ýerlerinde duş gelýär. Pigmentleri sebäpli gyzyl, mämişi ýa-da çal reňkde bolýarlar. Gyzyl suwotular deňiz biotehnologiýasynda ulanylýan çig mal hökmünde ähmiýetlidir. Diatomeý suwotular Hazar deňzinde iň köp ýaýran mikroskopik suwotulardyr. Diwarlary kremn oksidinden emele gelen gaty örtük bilen örtülendir. Olar deňizdäki fotosinteziň uly bölegini ýerine ýetirýärler hem-de deňiz jandarlary üçin iň möhüm iýmit çeşmesi bolup durýarlar. Hazar deňziniň suwotulary dürli ekologik şertlere uýgunlaşyp ýaşaýarlar. Olar duzlulyk, ýagtylyk, temperatura we suw akymy ýaly ýagdaýlara sezewar bolup, şoňa görä ýerleşýärler. Suwuň tebigy arassalanmagyna ýardam edýän suwotular diňe bir ekologiýa taýdan däl, eýsem, ykdysady taýdan hem möhüm ähmiýete eýedir.

Täze habarlar