Hazaryň gyzylgazlary

Syýahatçylyk
06.06.2023
125

Hazaryň gyzylgazlary

Hazaryň kenarýakasynyň iň owadan we özboluşly guşlarynyň biri gyzylgazlardyr. Bu guşlar gözelligi bilen tebigata aýratyn öwüşgin berýärler. Deňziň mawy suwly aýlaglarynda oturan gyzylgazlaryň sürülerini görenler haýran galýarlar. Bu guşlardan düzülen näzik gülgün zolak birnäçe kilometre uzalyp gidýär. Bimaza etseň, müňläp guşlaryň topary birden ganatlaryny kakyp, ýokary galýarlar we asmanda gülgün reňkli «bulutlar» peýda bolýar.

Güýzüň gelmegi bilen gyzylgazlar demirgazyk ýurtlardan süri-süri bolup, deňziň günorta-gündogaryna, ýagny Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlaryna we oňa ýanaşyk ýerlere gyşlamaga uçup gelýärler. Gyşy geçirmek üçin deňziň saý, bol iýmitli gyrmançaly we batgalykly kenarlaryny saýlap alýarlar. Gyzylgazlar inçeden uzyn aýakly we inçe boýunly, özboluşly egri, ýogyn çüňkli guşlardyr. Olaryň ýelek örtüginde gyzgylt, gülgün, ak, gara reňkleri görmek bolýar.

Bu seresaply guşlar suwuň saý ýerinde gezmeläp, boýunlaryny suwa salyp, süzüji çüňküniň kömegi bilen suwdaky ownuk leňňeçşekilliler, mollýusklar, mör-möjekler we suwotularynyň däneleri bilen iýmitlenýärler. Deňizde asudalyk wagtlary günuzyn iýmitlenip ýörýärler, diňe käýarym irkilýän wagtlary bolýar. Gyzylgazlaryň gyşlaýan döwri olar berk gorag astyna alynýar. Ýazyň gelmegi bilen köpelmek üçin öz dogduk mekanlaryna dolanýarlar.