Hazaryň kenaryndaky ajaýyp şypahana

Syýahatçylyk
08.09.2025
211

Hazaryň kenaryndaky ajaýyp şypahana

«Awaza» şypahanasy halkara ölçeglere laýyk gelýän toplum bolup, birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Ýigrimi müň inedördül metre golaý meýdanda ýerleşýän dokuz gatly, ak mermere beslenen, dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan şypahananyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde saglyklaryny dikeldýänlere netijeli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny etmek, dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamak  we bejermek üstünlikli alnyp barylýar. Döwrebap şypahanada palçyk bilen bejeriş, howuzly we SPA-ly gidroterapiýa, maslahat hem-de anyklaýyş, dikeldiş, fizoterapiýa we bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, owkalap bejeriş, kliniki barlaghanalar bar. Şypahananyň çäginde gazylan 600 metrlik dik guýudan ýod-bromly bejeriş-mineral suwunyň alynmagy bu ýeriň ynsan saglygyna şypaly mesgendigine güwä geçýär. Şypahanada saglygyny dikeldýänler fitobarda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen, eziz Diýarymyzda ösýän ösümliklerden taýýarlanýan melhemlik içgilerden içip hem saglyklaryna şypa tapýarlar. Toplumyň çägindäki açyk howuz, kafeteriý, futbol, basketbol, tennis oýnamak üçin sport meýdançalary hem bu ýerde saglyklaryny dikeldýänleriň hyzmatynda.