
Hazaryň kenaryndaky Hazar
Ynsan ýaşaýyşda hemişe gözellige we ýakymlylyga maýyl bolup ýaşaýar. Gözel ýerde - ýakymly dynç almak bolsa adamzadyň islegleriniň hemişe öňüni çekýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözürini görüp ýaşaýan halkymyz üçin “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döredilýän şertler sanardan köp. Çünki ýurt baştutanymyz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň hem ynsan saglygy üçin jana şypaly we ýakymly ýerlerde dynç almaklyk hem edil zähmet çekmek ýaly möhümdir diýip belleýär. Dünýä ýüzüni ak mermerli binalary bilen haýrana goýýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem amatly we ajaýyp myhmanalaryň birnäçesi hyzmat edýär.
Şol myhmanhanalaryň biri bolsa 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen bäş ýyldyzly “Hazar” myhmanhanasydyr. Hazar deňzi bilen adybir bu gözel myhmanhana kaşaňlygy we halkymyza amatlylygy bilen tapawutlanýar. Goja Hazaryň kenarynyň görküne görk goşýan bu myhmanhana 300 orunlyk bolup, onda otaglar 2 orunlyk; lýuks otag; ýokary derejeli lýuks otag; 4 orunlyk we VIP De lýuks otag görnüşleri niýetlenen.
“Hazar” myhmanhanasynda halka hödürlenýän hyzmatlar hem has döwrebap we hil taýdan ýokary derejeliligi bilen meşhurdyr. Myhmanhanada 2 sany restoran, kafe, sauna, hammam, deňiz suwy bilen ýyladylýan içki we daşarky howuzlar, bouling, bilýard, uly we kiçi mejlisler otagy, owkalama otagy, SPA salony; 5D kinoteatr; sagaldyş kluby; çagalar otagy we oýun awtomatlar zaly; mini golf, futbol, basketbol meýdançalary; dellekhana we dükanlar gelen myhmanlara oňaýly görnüşlerde hyzmat edýär.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we dünýä ýüzünden geljek myhmanlary bäş ýyldyzly “Hazar” myhmanhanasy ýylyň islendik paslynda hem dynç almaga çagyrýar.