Hazaryň kenaryndaky şatlykly günler

Syýahatçylyk
08.08.2024
23

Hazaryň kenaryndaky şatlykly günler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Arzuw” çagalar sagaldyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümlerini şat we sapaly, ýatda galyjy geçirmekleri üçin uly alada edilýär. Çagalar medeni çärelere, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Merkezde dynç alýan çagalaryň aň taýdan kämilligini artdyrmakdan daşgary, olaryň fiziki işjeňligini gazanmak maksady bilen, bedenterbiýe we sport çärelerine yzygiderli üns berilýär. Tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. “Türkmen milli oýunlary” ady bilen çagalaryň arasynda milli oýunlarymyzyň dürli görnüşi boýunça bäsleşikler örän täsirli geçýär. “Kim çalasyn?” oýnuna gatnaşýan körpeler özleriniň çakganlygyny, çalasynlygyny, çeýeligini görkezýärler.

Merkezde dynç alýan çagalar diňe bir sport däl, eýsem, döredijilik bäsleşiklerine hem höwes bilen gatnaşýarlar. “Arzuw” - dostluk mekany”, “Bagtyýar çagalyk”, “Tebigat gözelligi” atly surat bäsleşiklerinde çagalar asfaltyň ýüzüne mawy asmany, aňyrsyna göz ýetmeýän deňzi, erkana ýüzýän gämileri, sapaly kenary şekillendirdiler. “Ýaşajyk heýkeltaraş” atly bäsleşikde çyg çägeden dürli şekilleri ýasadylar. Bäsleşiklerde öňe saýlanan çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Deňziň kenaryndaky “Älemgoşar”, “Jadyly kenar”, “Deňiz merjeni” oýun-attraksionly seýilgählere, “Awaza” akwaparkyna, “Gämi” muzeýine, Awazanyň gözel ýerlerine, Hazar deňzine, deňziň kenaryna guralýan gezelençler körpelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.