Hazaryň türkmen böleginde seýrek duş gelýän balyklar
Türkmenistanyň derýalarynda, howdanlarynda we köllerinde balyklaryň 126-a golaý görnüşleri ýaşaýar. Hazaryň türkmen böleginde balyklaryň 61 görnüşi duş gelýär. Balyklaryň köp dürlüligi babatda oňa taý geljek başga bir deňiz ýok diýerlikdir. Deňizde duş gelýän balyklaryň köpüsi bekreleriň, kefallaryň, azatmahylaryň, takgazlaryň we beýleki gymmatbahaly balyklaryň maşgalasyna degişlidir.
Hazaryň türkmen böleginde seýrek duş gelýän, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen balyklaryň biri-de Wolga takgazydyr. Ol gymmatly senagat görnüşi bolup, deňziň hemme ýerinde duşýar we türkmen suwlarynda göçýän wagty gabat gelýär. Gyşyna Hazaryň günortasynda 12-25 metr çuňlukda gezip iýmitlenýär, ýazyna işbil taşlamakdan öňürti toplum-toplum bolup üýşýär. Ýaşaýyş dowamlylygy 6-7 ýyldyr. Bu balyk leňňeçşekilliler, mör-möjekleriň liçinkalary we owunjak balyklar bilen iýmitlenýär.
Bekre balygy Hazaryň diňe türkmen böleginde duş gelýär. Ol beýleki görnüşlerden aşaky dodagynyň tutuşlaýyndygy, murtlarynyň seçeklidigi bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 220 santimetre, agramy 80 kilograma ýetýär. Deňizde işbil taşlaýan derýalaryndan uzaklaşmaýar, esasan, süýji suwuň deňze guýýan ýerinde iýmitlenýär. Bekre deňziň türkmen kenarynda, 10 metrden çuň bolan ýerlerde ýaşaýar. Ýaz-tomus döwründe suwuň ýylylyk derejesi 15-20 gradusa ýetende, köpelip başlaýar.
Wolga takgazy we bekre sanlarynyň örän azalandygy sebäpli, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.