Her bir dänäňiz müň bolsun!

Ykdysadyýet
17.06.2025
51

Her bir dänäňiz müň bolsun!

Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda dabara geçirildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň ak patasyna  eýerilip, asylly däbe görä, sylag-sarpaly ýaşulularyň «Bismilla» diýen senaly sözleri bilen galla oragyna girişildi. Dabaranyň geçýän ýerinde guralan usuly-amaly maslahatda oba hojalyk toplumynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hünärmenleri, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri çykyş edip, kombaýnlaryň iş düzgünleri, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň möhüm ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Bu ýerde atarylan toý gazanlarynda milli tagamlar taýýarlanyp toý pişmeleridir çelpekleri bişirildi. Hatara dikilen altyganat ak öýleriň ýanynda türkmen halylary bilen bezelen telärlerde gelin-gyzlaryň ýerine ýetiren läleleri, joşgunly gazallary, bezemen sahnada sungat ussatlarynyň aýdan şirin aýdym-sazlary, tans we halk döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary gallaçylary belent üstünliklere ruhlandyrdy. Ekerançylyga we maldarçylyga degişli oba hojalyk önümleriniň sergisi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň, çörek we çörek önümleriniň, senetkärçilige, halyçylyga, zergärçilige hem-de sungatyň beýleki görnüşlerine degişli sergiler hem täsirli boldy. Dürli sport çäreleri özboluşlylygy, ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Soňra ýygnalan dänäniň ilkinji tonnalary ýüklenen awtoulaglaryň kerweni «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky galla kabul ediş bölümine tarap ugradyldy. Olar galla kabul ediş bölüminde dabaraly ýagdaýda garşy alyndy.