Her bir dänäňiz müň bolsun!

Jemgyýet
07.10.2025
44

Her bir dänäňiz müň bolsun!

 Gyzylarbat etrabynyň «Ezber eller» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara geçirilip, asylly däbe görä, bugdaý ekişine il içinde uly sylag-sarpanyň eýesi bolan hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen girişildi. Şu ýylda Balkan welaýatynda 50 müň gektara bugdaý tohumy ekilip, ondan azyndan 80 müň tonna guşgursak bugdaý hasyly ýygnalar. Ekiji tehnikalar tirkelen kuwwatly traktorlaryň 125-sine erk etjek mehanizatorlar iki çalşykda işläp, möwsümiň bellenen möhletde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün ederler. Şu möwsümde ekin dolanyşygyna girizilen ýerlerde bugdaýyň ozal bu sebitde synagdan geçen «Alekseýiç» we «Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler. Bugdaý ekişine başlanmagy mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň guran dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerdäki ajaýyp sahnada medeniýet we sungat ussatlarynyň belent joşgun bilen ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary, milli tanslary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Çäräniň geçýän ýerinde ak öýler dikilip, türkmeniň gadymy küren obasynyň keşbi döredilipdir. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan el işleriniň sergisi, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri, hünärli ussalaryň elinden çykan zähmet gurallary we öý-hojalyk esbaplary mähelläniň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça gurnan dürli bäsleşikler, görkezme çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Baý many-mazmuna beslenen dabaranyň geçýän ýerinde welaýatyň oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň önümleriniň sergisi hem guraldy. Bu bolsa welaýatyň oba hojalyk toplumynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesi bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Täze habarlar