Ykdysadyýet
21.09.2026
92
Himiýaçylaryň zähmet üstünligi
Ýurdumyzda himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemekde hem-de olardan dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa Balkan welaýatynyň himiýaçylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Ýylyň başyndan bäri welaýatda ýoduň 261 tonnadan gowragy, tehniki uglerodyň 571 tonna golaýy çykarylyp, meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi. Mineral dökünler babatda zähmet görkezijisi has ýokary boldy. 712 müň tonna önüm öndürilip, ösüşiň depgini 182,4 göterim ýokarlandy.