
Horjun
Halkymyzyň haly-palas önümleriniň iň gadymy nusgalarynyň biri-de horjundyr. Özüniň dokalyş usuly boýunça horjunlaryň «haly horjun», «palas horjun» diýen görnüşleri bardyr. Atlaryndan belli bolşy ýaly, olar haly we palas görnüşinde bolupdyr. Horjunlar çitme we kakma usullarynda dokalypdyrlar. Usullaryna görä olara salynýan nagyşlaram dürli-dürli bolupdyr. Horjunlar uly we kiçi görnüşlerde dokalyp, uly horjunyň ini 40, boýy 50 santimetre, kiçi horjunyň bolsa ini 30, boýy 40 santimetre deň bolupdyr.
Horjunlar durmuş hajatlary üçin ulanylypdyr. Halkymyzda iň ýörgünli horjunlaryň birem at horjunlary bolup, olar hem çitme ýa-da kakma usulynda dokalypdyr. Şeýle horjunlar ak öýlerde çep tärimiň gapa golaý ýerinde, ýagny haçjalaryň birine gysdyrylyp goýlar eken. Beýleki görnüşdäki horjunlar bolsa bezeg üçin törden asylyp goýlupdyr. Horjunlar bilen bagly nakyllara, aýtgylara duşmak bolýar. Ata-babalarymyzyň döreden «Horjunym doly - saçagym ýagly», «Horjun haý diýseň, haraýyň», «Horjun - nagyşlary berçin» ýaly pähimler olaryň halkymyzyň durmuşyna kemsiz ornaşandygynyň kepilidir.