Horjun

Medeniýet
24.08.2026
79

Horjun

Türkmen halkynyň haly-palas önümleriniň iň gadymy nusgalarynyň biri horjundyr. Özüniň dokalyş usuly boýunça horjunlaryň «haly horjun», «palas horjun» hem-de «çalça horjun» diýen görnüşleri bardyr. Horjunlar çitme we kakma usullarynda dokalyp, usullaryna görä olara salynýan nagyşlaram dürli-dürli bolupdyr. Horjunlar uly we kiçi görnüşlerde dokalyp, uly horjunyň ini 40, boýy 50 santimetre, kiçi horjunyň bolsa ini 30, boýy 40 santimetre deň bolupdyr. Halkymyzda iň ýörgünli horjunlaryň birem at horjunlary bolup, olar hem çitme ýa-da kakma usulynda dokalypdyr. Şeýle horjunlar ak öýlerde çep tärimiň gapa golaý haçjalarynyň birine gysdyrylyp goýlar eken. Beýleki görnüşdäki horjunlar bolsa bezeg üçin törden asylyp goýlupdyr.