Hoş geldiň, Täze ýyl gözel Diýara

Jemgyýet
10.01.2024
305

Hoş geldiň, Täze ýyl gözel Diýara

Balkan welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiren aýdym-sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslenip, ol «Hoş geldiň, Täze ýyl gözel Diýara» diýlip atlandyryldy. Baýramçylyk dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Tamamlanyp barýan ýylda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli beýik işleri barada gürrüň etdiler. Şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan üstümizdäki ýylda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde durnukly ösdürmekde ýetilen we ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda hem-de dünýä ýaýmakda amala aşyrylan giň gerimli tutumlar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.

Çärede belentden-belent ýaňlanan aýdym-sazlarda, tanslarda ajaýyp zamanamyz, Täze ýyl baýramy uly joşgun bilen wasp edildi. Sungat ussatlarynyň gülküli sahnasy hem ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde