Hoş owazly aýdymçy

Medeniýet
13.01.2023
128

Hoş owazly aýdymçy

Golaýda mahmal owazy bilen köpleriň söýgüsini gazanan aýdymçy, Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgüniň medeni çäreleri geçirýän bölüminiň ýolbaşçysy Sonagül Şämiýewa bilen söhbetdeş bolduk.

— Sonagül, sungaty saýlap almagyňyza näme sebäp boldy, aslynda, sizi aýdym-saza ugrukdyran kim?

— Aýdym-saza bolan höwes mende çagalykdan döredi. Etrek etrabynyň Madaw obasynda mekdep ýyllarym gurnaklarda çykyş edýärdim. Orta mekdebi tamamlanymdan soňra bolsa, obamyzyň medeniýet öýünde aýdym aýdyp başladym. «Ýaşlyk» teleýaýlymynda geçirilýän «Ýyldyzlara gadam» atly şowhunly bäsleşige gatnaşmagym aýdym-saz älemine aralaşmagymda uly orun eýeledi. Bäsleşikde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Aýa döndi» diýen aýdym bilen çykyş edip, baýrakly orna mynasyp boldum. Aýdymymyň «mawy ekranda» ýaňlanmagy, baýrakly orna mynasyp bolmagym göwün guşumy ganatlandyrdy. Sungata bolan höwesimi has hem artdyrdy.

— Aýdym aýtmagyň lezzetem bardyr welin, ýöne şol aýdymlaryň il-gün tarapyndan halanylsa, elbetde, ol her bir aýdymçy üçin uly bagtmyka diýýärin. Ýöne şol derejä ýetmegiň üçinem kämilleşmek gerek, kämilleşmek üçinem halypa gerek...

— Meniň öz ýüregime ýakyn görüp diňleýän halypalarym Nurberdi Gulow, Aşyr Gurbanow, Gurbansoltan Nurýagdyýewa. Olaryň aýdymlaryny diňlänimde, maňa ruhy lezzet berýär. Şol halypalaryň aýdymlarynam köp aýdasym gelýär. Beýleki aýdymlary aýtmagam ruhy lezzet berýär welin, türkmen halk aýdymlary ýüregime has ýakyn gelýär. Nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik Magtymguly Pyragynyň watançylyk, öwüt-nesihat temalaryndaky goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirenimde, göwnüm heýjana gelýär.

— Durmuşda ýatdan çykmajak bagtly pursatlar, şowly gadamlar bolýar. Öz durmuşyňyzda bolup geçen şeýle pursatlar, wakalar hakynda gürrüň beräýseňiz!

— Şowly gadam diýlende, ilki bilen, ýaňam belläp geçipdim, «Ýaşlyk» teleýaýlymyndaky «Ýyldyzlara gadam» diýen bäsleşik ýadyma düşýär. Maňa şowlulyk getiren — şol bäsleşikde ýeňiji bolmagym. Bagtly pursatlar hakynda gürrüň edilende bolsa, 2014-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde öz ukyp-başarnygymy görkezmegimi, 2015-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna talyplyga kabul edilmegimi buýsanç bilen agzasym gelýär.

— Öňüňizde goýan maksatlaryňyz dogrusynda aýdaýsaňyz!

— Her bir döredijilik, sungat adamy mydama täzeligiň gözleginde bolýar. Tomaşaçylaram elmydama täze-täze aýdymlara garaşýar. Men hem halypa bagşylardan nusga alýaryn. Şolaryň aýdymlaryny has köp diňleýärin. Onsoň dutarda aýdym aýtmak höwesi kalbymda günsaýyn güýç alýar. Nesip bolsa, ýakyn günlerde diňleýjilerimi dutar saz guralynda halk aýdymlaryny ýerine ýetirip begendirerin diýen maksadym bar.

Men Süleýman Soltangulyýewiň sazyna, Gültäç Orazjanowanyň sözlerine «Söýgi» atly täze aýdymyň üstünde işläp ýörün. Bu aýdym diňleýjilerime sowgadym bolar.