
Hoşallygymyzyň çägi ýok
Şirinbibi Paçanowa, Esenguly etrabyndan öý hojalykçy, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi:
Biz zenanlara uly hormat goýlup, olaryň sarpasynyň belent tutulýan ýurdunda ýaşaýarys. Şonuň üçinem özümizi iň bagtyýar zenanlar hasap edýäris. Bagy-bossanlyga, gül-gülälege beslenen eziz Diýarymyzda 8-nji martda şatlyk-şowhunly dabaralar bilen bellenilen Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem şol bagtyýarlykdan nyşan. Bu sylag-serpaý ýurdumyzda zenanlar hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň nusgalyk derejededigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Özüm ýaly bagtyýar eneleriň hatarynda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok.
Ene hökmünde perzentleriň her biriniň sagdyn ösüp-ulalyp, olaryň halka, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly nesiller bolup ýetişenine guwanmak — uly bagt. Sebäbi her bir enäniň baş arzuwy bilimli, edep-terbiýeli, sagdyn nesilleri ösdürip, olary jemgyýete peýdaly edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Munuň üçin bolsa döwletimizde ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.
Menem çagalarymy oňat adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde ähli tagallalary ederin.