Hoşallyk maslahaty
Döwlet Baştutanymyzyň 27-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Medeniýet hepdeligini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekmegi welaýatyň ýaşaýjylarynyň kalplaryny egsilmez buýsanja, guwanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu çözgüdi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen hoşallyk maslahaty muny aýdyň görkezdi. Ondaky buýsançly çykyşlarda nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolar. Sebäbi bu sungat baýramy medeniýet we sungat işgärlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy, röwşen geljegimizi, berkarar ýurdumyzyň barha belende göterilýän abraý-mertebesini, şan-şöhratyny wasp etmekde has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Joşgunly aýdym-sazlara beslenen maslahatda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde dünýä ýaýmakda şeýle uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.