Hoşallyklar — halk kalbynyň bezegi
Geçen ýekşenbe güni hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň düýbi tutuldy we ulanyşa berildi. Bu dabaralara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy welaýatyň ýaşaýjylarynda ýokary ruhubelentlik we çuňňur hoşallyk duýgularyny döretdi. Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen hoşallyk maslahaty munuň şeýledigini aýdyň görkezdi. Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu gurluşyklar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça badalga berlen maksatnamalaryň, özgertmeleriň giň gerimde durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Dabaraly hoşallyk maslahatynda şular barada giňişleýin söhbet edildi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi. Maslahatyň dowamynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli toplumyň öňdebaryjy işgärlerine gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn bezeg berdi. Joşgunly aýdym-sazlarda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň, gazanylýan beýik ösüşleriň, dost-doganlygyň waspy belentden ýetirildi.