Hoz
Hoz agajy hozlar maşgalasyna degişli bolup, onuň beýikligi 20-30 metre, sütüniniň diametri 1,5 metre ýetýär. Onuň ýapragy iri we çylşyrymly ýelek görnüşli bolup, uzynlygy 20-30 santimetre deňdir. Hozuň miwesi tegelek ýa-da süýrgült-tegelek görnüşlerde bolýar. Hoz agajy yzgary we ýagtylygy söýýär. Hoz agajy ýeliň kömegi bilen tozanlanýar. Ol aprel-maý aýlarynda gülläp, sentýabr-oktýabr aýlarynda bişýär. Sapylan hoz agaçlary 8-10 ýyldan tä 150-200 ýyla çenli miwe bermäge ukyplydyr. Bir hoz agajy ortaça, takmynan, 65-100 kilograma çenli hasyl berýär.
Türkmenistanda hoz agajy medeni ýagdaýda ösdürilýär, ýabany görnüşde Magtymguly etrabynyň dag jülgelerinde ösýär. Hozlar maşgalasynyň 8 urugy, 70 görnüşi bolup, olar aram we subtropiki howa şertleri bolan ýerlerde giňden ýaýrandyr. Türkmenistanda hozlar maşgalasynyň bir urugy Günbatar Köpetdagda, Magtymguly etrabynyň dag jülgelerinde duş gelýär.
Hoz miwesi iýmit üçin, lak, tuş taýýarlamakda, gurluşyk işlerinde, şeýle hem hoz agajynyň ýapragy, gabygy, gök miwesi lukmançylykda giňden ulanylýar. Hozuň maňzy adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Hoz köplenç tohumy, käte çybygy bilen köpeldilýär.