Hum küýzeler
Halkymyzyň durmuşynda, umuman, küýzelere uly orun degişli bolupdyr. Olar ululygy-kiçiligi boýunça dürli maksatlar üçin peýdalanylypdyr. Şolaryň göwrüm taýdan ulusyna hum küýze diýilýär. Käbir ýerlerde pälwan küýze hem diýilýär. Hum küýzeler, esasan, ätiýaçlyk un we galla önümlerini uzak wagtsaklamak üçin ulanylypdyr. Hum küýzeler ýasalanda, onuň palçygynyň hiline, eýlenilişine we kürelerde bişirilişine aýratyn üns berlipdir. Hum küýzeleriň uzak saklanmagynyň syry hem şundadyr. Olaryň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýar.
Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde uly hum küýzeleriň ikisi arzyly eksponat hökmünde saklanýar. Olar orta asyrlara degişli küýze önümleri hasaplanylýar. Hum küýzeleriň biri etrabyň Goçdepe diýen ýerinden tapylyp, 2011-nji ýylda muzeýe tabşyrylýar. Däne saklamak üçin niýetlenen ikinji hum küýze 2019-njy ýylda muzeýe sowgat berilýär. Onuň dört ýerinde suw tolkunlaryny aňladýan nagyşlar bar.