Hünärli nesil — röwşen geljek
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Hünärli nesil — röwşen geljek” atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi. Welaýatyň orta mekdeplerindäki gyzlar gurnaklarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýan gyzlar gurnakda öwrenýän el işlerini hem-de milli däp-dessurlarymyza eýerişlerini aýdymlarda, gazallarda, goşgularda wasp etdiler. Dürli el işlerini ýerine ýetirmekde, haly dokamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Saçak bezemekde, unaş kesmekde birek-birekden kem durmazlyga çalyşdylar. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda tagam taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler. Aýdyşyklar, nakyllar, gazallar bilen milli tagamlaryň waspyny ýetirdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň, Gyzylarbat etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň gyzlar gurnaklarynyň toparlary degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular. Birinji orny eýelän topar onuň döwlet tapgyryna gatnaşar.