Hurma

Ýurduň çäginde
02.12.2025
67

Hurma

Adamyň bedeni güýz-gyş möwsüminde ýokumly iýmitlere, goşmaça witaminlere has-da mätäçlik çekýär. Datly tagamy we peýdaly häsiýetleri bilen tapawutlanýan hurma hut şu ýetmeziň öwezini dolýan miwedir. Dünýäde hurmanyň 700-den gowrak görnüşi bar. Olar reňki, gabarasy we tagamy boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Afrikada ösýän 3 santimetr ululykdaky goýy gyzyl reňkli hurma «gara alma» diýlip atlandyrylýar. Ol ysy we reňki boýunça gara şokolady ýada salýar. Filippinlerde ösýän «mahmal alma» atly hurma açyk gyzyl reňkdedir. Paragwaýda bitýän hurmanyň gabarasy ýasy bolsa, kawkaz hurmasynyň ululygy 2-3 santimetrden geçmeýär. Şeýle-de hurmanyň çigitsiz görnüşleri-de bar. Günbatar Afrikada, Günorta-Gündogar Aziýada, Hindistanda ösýän käbir hurmalaryň miwesi iýmäge ýaramsyz bolup, olaryň diňe agajy mebel öndürmekde, saz gurallaryny, sport enjamlaryny ýasamakda ulanylýar. Hurmanyň asyl mekany Hytaýdyr. Ol bu ýerde 2000 ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilipdir. Ýurdumyzda hem giňden ösdürilip ýetişdirilýän hurma ýaşlygyň nusgasy saýylyp, oňa «kuwwat beriji alma» hem diýilýär. Sebäbi hurmadaky witamindir ýokumlar (kalsiý, natriý, demir) almadakydan 2 esse köpdür. Hurmany ýürek-damar keselli, gan basyşy ýokary, gan azlykdan kösenýän näsaglara iýmek has peýdalydyr. Düzümindäki magniý nerw dartgynlylygyny gowşadýar. Fiziki ýa-da akyl ýadawlygyndan tapdan düşenlere-de hurma iýmek maslahat berilýär. Miwäniň düzümindäki A we C witaminleri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny berkidýär. Nusgawy edebiýatymyzda şahyrlaryň gözel gyzyň daş keşbini suratlandyranda, onuň leblerini hurma deňemegi ýöne ýere däl. Düzüminde şekeriň köplügi üçin datly hurma şahyrlara şeýle çeper meňzetmäni döretmäge esas bolupdyr. Gyzlara dakylýan atlaryň içinde Hurma adynyň duş gelmegi-de miwäniň datly tagamyny, çaganyň süýjüligini, ezizligini alamatlandyrýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet