Hususy haly kärhanasy

Medeniýet
18.03.2026
171

Hususy haly kärhanasy

«Aýjan — el halylary» hususy kärhanasy Gyzylarbat etrap merkezinde ýerleşip, onuň ussat halyçylary tarapyndan taýýarlanylýan haly we haly önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Kärhana tarapyndan alyjylara nusgawy we döwrebap usullarda taýýarlanan, dürli ululykdaky we nyrhlary boýunça tapawutlanýan haly önümleri hödürlenýär. Hususy halyçylyk kärhanasynda ýurdumyzda gurulýan täze binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň törüni bezeýän dürli görnüşdäki, ölçegdäki halylar buýurmalar esasynda dokalýar. Halylara salynýan nagyşlaryň göwnejaý bolmagy, inçe sungatyň özboluşly aýratynlyklarynyň saklanyp galynmagy gazanylýar. Gelin-gyzlaryň yhlasy, ýürek mähri siňen ajaýyp halylaryň gölleridir nagyşlary biri-birinden owadanlygy we nepisligi bilen ünsüňi çekýär. Geçen ýyl ulanmaga berlen kärhanada 150-den gowrak halyçy zähmet çekýär. Gazanylýan zähmet üstünliklerine ussat halyçylar Gülälek Jumaýewa, Maral Welmämmedowa, Aýjahan Mämmedowa, Maralbibi Ataýewa, Gülperi Rejepowa tarapyndan ýolbaşçylyk edýän halyçylar toparlary saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Täze habarlar