
Hususy kärhananyň hyrydarly harytlary
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti ýerli tebigy çig mal serişdelerine, zähmet gorlaryna esaslanýan önümçilikleriň döredilmeginde baý tejribe toplan hususy kärhanalaryň biridir. Türkmenbaşy etrabynyň çäginde 2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän kärhana polimer çig malyndan ýokary hilli ýükasty plastik tekjeleriň önümçiligini üstünlikli ýola goýdy. Bu ýerde öndürilýän ýükasty tekjeler harytlary ýüklemek, düşürmek, ýerleşdirmek, ammarlarda uzak wagtlap saklamak işlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Olar haryt dolanyşygynda işleri netijeli ýola goýmaga hem-de söwda dolanyşygynda çykdajylary azaldyp, girdejileri artdyrmaga ýardam edýär. Hususy kärhanada öndürilýän ýükasty tekjeler agaç görnüşli tekjelerden tapawutlylykda, birnäçe gezek ulanmak mümkinçiligine eýedir. Howply we ýiti himiki serişdeleriň ýaramaz täsirlerine, sowuk we gyzgyn howa şertlerine çydamlydygy, ýakymsyz yslary özüne siňdirmeýändigi, çyglylyk saklamaýandygy, gyzgyn bug bilen ýuwup bolýandygy olara bolan islegleriň durnukly artmagyny üpjün edýän tapawutly taraplarydyr. Arassaçylyk taýdan bellenilen kadalara doly laýyk gelmegi ýükasty tekjeleri azyk harytlarynyň dolanyşygynda hem giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Hatardan çykan ýagdaýynda, olary senagat taýdan gaýtadan işläp bolýar.
Ýakynda «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti polipropilen çig malyndan suw süzgüçlerini (kartrižlerini) hem öndürip başlady. Süzgüçleriň bu görnüşi suw arassalaýjy ulgamlarda, ýagny deňiz suwuny süýjediji desgalarda giňden peýdalanylýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan satyn alnan döwrebap önümçilik enjamlarynda taýýarlanylýan süzgüçleriň adaty süzgüçlerden esasy aýratynlygy onuň üç aýry dykyzlykly gatlaklardan ybarat bolmagydyr. Adaty süzgüçler bir gatlakly bolup, olar çalt dykylýar. Kärhanada öndürilýän süzgüjiň daşky gatlagy iri hapa bölejiklerini, ortaky gatlak orta ölçegli hapalary, içki gatlak bolsa has ownuk bölejikleri alyp galmak bilen, suwy düzümindäki hapalardan doly arassalaýar.Hususy kärhanada ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işlere goşant goşmak maksady bilen täze önümçiligiň ýola goýulmagynyň netijesinde täze iş orunlarynyň hem dörändigini bellemek gerek.