Hususy kärhananyň önümlerine isleg uly
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Zyýada” köp ugurly ilata hyzmat ediş toplumynyň çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhanasy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň ýaşaýjylaryny ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen ygtybarly üpjün etmeklige mynasyp goşandyny goşýar. Kärhananyň hünärmenleri 2023-nji ýyla ruhubelent gadam basdylar. Hususy kärhananyň düzüminde işe girizilen çörek we çörek önümlerini öndürýän bölümde daşary ýurtlardan satyn alnan täze, döwrebap enjamlar oturdyldy.
Önümhananyň öz işine ussat hünärmenleri häzirki günlerde ýokary hilli çörek we çörek önümleriniň 20-den hem gowrak görnüşini taýýarlap, olary täzeligi bilen sarp edijilere ýetirmegiň hötdesinden gelýär.
Bu ýerde taýýarlanýan türkmen milli çörek önümlerini: ýagly gatlamalary, petirleri, süýtli külçeleri, toý pişmelerini, tortuň, kökeleriň dürli görnüşlerini we beýlekileri şäheriň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary önümhananyň golaýynda ýörite gurlan dükandan höwes bilen satyn alýarlar.
Ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmek baradaky wezipä mynasyp iş bilen jogap bermegi başarýan hususy kärhananyň hünärmenleri ýakyn wagtlarda önümçiligiň gerimini has-da giňeltmegi maksat edinýärler.