Hüwdi — ene kalbynyň owazy

Medeniýet
27.08.2026
98

Hüwdi — ene kalbynyň owazy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige gatnaşan zenanlar hüwdüleriň üsti bilen perzentleriniň sagdyn, ruhubelent, maksadaokgunly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Bäsleşikde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Anna Haýdarowa ýeňiji bolmagy başardy we onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 7-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Güýçgeldiýewa ikinji, 25-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Bahargül Goýunlyýewa hem-de Oglanly şäherçesiniň medeniýet öýüniň tans goýujysy Bibiäşe Geldimämmedowa üçünji orunlara mynasyp boldular.