Hyrydary ýetik önümler
Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri barha öňe ilerleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýeti bäş ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýükasty plastmassa tekjeleri öndürýän zawodyň işini ýola goýdy. Häzirki wagtda bu önümler müşderileriň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Ýükasty tekjeler haryt dolanyşygynda giňden ulanylyp, olar harytlary ýüklemek, düşürmek, ýerleşdirmek, uzak wagtlap ammarlarda saklamak işlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýükasty plastmassa tekjeler haryt dolanyşygynda işleri netijeli ýola goýmaga, şol sanda wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa söwda dolanyşygynda çykdajylary azaltmaga we girdejileri artdyrmaga ýardam edýär.
Palstik ýükasty tekje, onuň agaç görnüşi bilen deňeşdireniňde, birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Sebäbi plastik tekjeleri birnäçe gezek ulanyp bolýar. Olar howply we ýiti himiki serişdeleriň ýaramaz täsirlerine, sowuk we gyzgyn howa şertlerine çydamlydyr. Munuň üstesine-de plastik tekjeler dürli hapalardan aňsat arassalanýar, ýakymsyz yslary özüne siňdirmeýär, çyglylyk saklamaýar, olary gyzgyn bug bilen ýuwup bolýar. Diýmek, ýükasty tekjeleriň bu görnüşi gigiýena taýdan bellenilen kadalara doly laýyk gelýär. Şonuň üçin olar azyk harytlarynyň dolanyşygynda hem giňden ulanmak mümkinçiligine eýedir. Plastik tekjeler hatardan çykan ýagdaýynda senagat taýdan gaýtadan işläp bolýar.
Ilkibaşda zawodyň ýyllyk önümçilik kuwwaty ýükasty plastmassa tekjeleriň 240 müňüsine deň bolan bolsa, bary-ýogy bir ýyla golaý wagtyň dowamynda bu görkeziji iki esse artdy. Wagtyň geçmegi bilen, ylmyň gazananlaryna laýyklykda öndürilýän ýükasty tekjeleriň kiçi ölçegdäki görnüşiniň önümçiligi hem ýola goýuldy. Bu önümler taýýarlananda, zerur bolan goşundylaryň togsan bäş göterimi ýerli çig mallar bolup durýar.