Içýanlar
Içýanlar möýşekilliler synpyna degişli jandarlardyr. Bedeniniň uzynlygy 1 santimetrden 18 santimetre ýetýär. Türkmenistanda içýanlaryň 4 görnüşi gabat gelýär. Gara we sary içýanlar ýygy duş gelýärler. Içýanlar gury ýerde ýaşaýarlar. Olar Ýer togalagynyň yssy ýerlerini saýlaýarlar. Içýanlar diňe bir taýýar gaçybatalgalarda gezmän, eýsem, özleri üçin hin hem gazynýarlar. Gizlin ýerleriň örän köp sanlysyny gözläp tapýarlar. Möýlerden tapawutlylykda içýanlarda uzyn bogunly garny bolýar, ol iki bölekden — öňdäki inli hereketsiz garyndan we yzky inçe hereketli garyndan durýar. Içýanlar öz awlaryny garynlary bilen tutýarlar we saklaýarlar. Olaryň garynlarynyň hereketli böleginiň yzky ujunda iňňesi bolýar. Içýanlar gijesine aw edýärler.